Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019.

Учебник по геометрии для 9 класса на туркменском языке.

   9- njy synpda geometriýanyň planimetriýa bölümini – tekiz geometrik figuralaryň häsiýetlerini öwrenmek dowam etdirilýär. Onda siz geometrik öz-özüne öwrülmeler, figuralaryň meňzeşligi, üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar, töweregiň uzynlygy we tegelegiň meýdany, üçburçlukdaky we töwerekdäki metrik gatnaşyklar bilen t anyşarsyňyz.
Şu dersligiň mazmuny berk aksiomatik ulgam esasynda gurlandyr. Ondaky nazary materiallar mümkingadar sada we düşnükli dilde beýan edilendir. Ähli temalar we düşünjeler durmuşdan alnan dürlüçe mysallar arkaly açyp görkezilen. Her bir temadan soň berlen soraglar, subut etmäge, hasaplamaga we gurmaga degişli mesele we mysallar okuwçyny döredijilikli pikirlenmäge ündeýär, oňa özleşdirilen bilimleri çuňlaşdyrmaga we berkitmäge kömek edýär. Derslik özüniň özboluşly dizaýny we sapak materialynyň gökezmeliligi bilen hem tapawutlanýar. Onda getirilýän surat we çyzgylar sapagyň materialyny has gowy özleşdirmäge hyzmat ed ýär.

Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019


TASLAMA IŞINI ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA GÖRKEZMELER.
Taslama işi temasynyň üstünde okuwçylar aýry-aýry ýa-da 3-4 adamlyk topar bolup işläp bilerler. Taslama işi okuw ýylynyň ahyrynda geçirilýän gorag (kiçi konferensiýa) bilen tamamlanýar. Taslama işiniň üstünde işlemek aşakdaky okuw işlerini öz içine almagy mümkin: gözleg işlerini planlaşdyrmak, wezipeleri özara paýlaşmak, okuw maksatlaryny goýmak, gerekli maglumatlary gözläp tapmak, tema degişli meseleli ýagdaýyň çözüwlerini gözlemek, olardan iň makulyny saýlamak we ony esaslandyrmak, zerur ýagdaýlarda soraglar ýa-da tejribeler geçirmek, taslama işi netijeleri boýunça hasabat taýýarlamak, öz işlerini derňemek we bahalamak, taslama işiniň goragy üçin tanyşdyrylyş taýýarlamak we ony goramak. Okuwçylar taslama işi boýunça gözleglerini ýylyň dowamynda adatda dersden daşary özbaşdak işlerde alyp barýarlar.

Taslama işiniň temalary amaly, nazary we barlag häsiýetli bolmagy mümkin. Amaly işde geometriýadan özleşdirilen bilimler we endikler gündelik ýagdaýlardaky meseleleri (keýsleri) çözende ulanylýar. Nazary taslama işlerinde bolsa geometriýanyň käbir temasy çuňrak öwrenilýär. Barlag işlerinde bolsa käbir standart däl geometrik mesele ýa-da durmuşdan mesele çözmegiň üstünde kiçi ylmy gözleg alnyp barylýar.

MAZMUNY.
Gaýtalamak
1. Üçburçluklar we dörtburçluklar.
2. Pifagoryň teoremasy we onuň u lanylyşy.
3. Geometrik figuralaryň perimetrini we meýdanyny hasaplamaga degişlim eseleler.
4. 3D-geometriýa - giňişlikdäki jisimlerde planimetriýa meseleleri.
5. Taslama işini ýerine ýetirmek boýunça görkezmeler.
I bap. Geometrik öz-özüne öwrülmeler we meňzeşlik 6. Köpburçluklaryň meňzeşligi.
7. Meňzeş üçburçluklar we olaryň häsiýetleri.
8. Üçburçluklaryň meňzeşliginiň birinji nyşany.
9. Üçburçluklaryň meňzeşliginiň ikinji nyşany.
10. Üçburçluklaryň meňzeşliginiň üçünji nyşany.
11. Gönüburçly üçburçluklaryň meňzeşlik nyşanlary.
12. Meňzeşlik nyşanlarynyň subut etmäge degişli meselelerde ulanylyşy.
13. Amaly gönükme we onuň u lanylyşy.
14. Bilimiňizi synaň.
15. Tekizlikde geometrik öz-özüne öwrülmeler. Hereket we parallel göçürme.
16. Oka görä simmetriýa.
17. Merkezi simmetriýa we öwrülme.
18. Geometrik figuralaryň meňzeşligi.
19. Meňzeş köpburçluklaryň häsiýetleri.
20. Gomotetiýa we meňzeşlik.
21. Meňzeş köpburçluklary gurmak.
22. Amaly gönükme we onuň u lanylyşy.
23. Meseleler çözmek.
24. Bilimiňizi synaň.
II bap. Üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar 25. 0°-dan 180°-a çenli bolan burçuň sinusy, kosinusy, tangensi we kotangensi.
26. Meseleler çözmek.
27. Üçburçlugyň meýdanyny burçuň sinusynyň kömeginde hasaplamak.
28. Sinuslar teoremasy.
29. Kosinuslar teoremasy.
30. Sinuslar we kosinuslar teoremalarynyň käbir ulanylyşy.
31. Iki wektoryň a rasyndaky burçlar we olaryň skalýar köpeltmek hasyly.
32. Üçburçluklary çözmek.
33. Meseleler çözmek.
34. Amaly gönükme we onuň ulanylyşy.
35. Bilimiňizi synaň.
III bap. Töweregiň uzynlygy we tegelegiň meýdany.
36. Töweregiň içinden çyzylan köpburçluk.
37. Töweregiň daşyndan çyzylan köpburçluk.
38. Dogry köpburçluklar.
39. Dogry köpburçlugyň içinden we daşyndan çyzylan töwerekler.
40. Dogry köpburçlugyň tarapy bilen daşyndan we içinden çyzylan töwereklerleriň radiuslarynyň arasyndaky baglanyşyk.
41. Bilimiňizi synaň.
42. Töweregiň uzynlygy.
43. Töweregiň dugasynyň uzynlygy. Burçuň radian ölçegi.
44. Tegelegiň meýdany.
45. Tegelegiň bölekleriniň meýdany.
46. Amaly gönükme we onuň u lanylyşy.
47. Bilimiňizi synaň.
IV bap. Üçburçlukdaky we töwerekdäki metrik gatnaşyklar.
48. Kesimleriň proýeksiýasy we proporsionallyk.
49. Proporsional kesimleriň häsiýetleri.
50. Gönüburçly üçburçlukdaky proporsional kesimler.
51. Berlen iki k esime orta proporsional kesimi gurmak.
52. Töwerekdäki proporsional kesimler.
53. Amaly gönükme we onuň u lanylyşy.
54. Bilimiňizi synaň.
55. Jemleýji barlag işi.
Planimetriýa degişli esasy düşünjeler we maglumatlar.
Jogaplar we görkezmeler.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geometriýa, 9 synp, Haýdarow B.K., Sarykow E.S., Koçkarow A.Ş., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 15:58:47