Edebiýat, 11 synp, Arazow I., Klyçew R., 2018

Edebiýat, 11 synp, Arazow I., Klyçew R., 2018.

Учебник по литературе для 11 класса на туркменском языке.

   Türkmen edebiýatynyň taryhyny çuň ideýaly çeper eserlergoşgular, poemalar, hekaýalar, powestler, romanlar dürli dramalar bezeýar. Çeper edebiýat hakykaty estetiki-emosional taýdan özleşdirmek zerurlygy esasynda döräpdir hem-de jemgyýetçilik aňynyň özboluşly bir görnüşi hökmünde şekillenşini, yaşaýşyny, ösüşini dowam edip gelýär. Arynyň dürli gülleriň şiresini ýygnap bal ýasaýşy ýaly, okuwçylar dürli çeper eserleriň hikmetli «şiresini» sorup, şonuň esasynda özleriniň estetiki-emosional duýgy-düşünjesini ösdürmeli hem baýlaşdyrmaly.

Edebiýat, 11 synp, Arazow I., Klyçew R., 2018


«Mähri - Wepa» romany barada.
Ata Gowşudow Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda «Mähri Wepa» romanyny ýazmaga başlaýar. Uruş başlanansoň, ýazyjy bu romanynyň temasyny ep-esli derejede üýtgedip, ony döwrüniň ýagdaýlary bilen baglanyşdyrýar. Yazyjy uruş döwründe ýazyp gutaran bu romanynda halkyň wepaly ogul-larynyň watançylyk, mertlik, çydamlylyk, doganlyk-dostluk, söýgä wepalylyk ýaly ajaýyp sypatlaryny nygtap görkezmäge jan edýär. Şeýle sypatlary özünde jemleýän iň esasy gah-rymanlaryň biri Wepadyr. O1 romanda ýaşlygyndan başlanyp suratlandyrylýar. Mekdep terbiýesi Wepada watany belent hyjuw bilen söýmek, könäniň zyýanly galyndylaryna uýup hereket edýän adamlar bilen sähelçe-de ylalaşmazlyk, erjellik, döwrüň ylmy-düşünjeli öňdebaryjy adamy bolup halka peýdaly işler etmek ýaly duýgulary ösdürýär. O1 soňundan hem ýaşlykda ösen şonuň ýaly duýgularyna görä hereket edýär.

Wepa entek gaty ýaşajykka döwekçilik bilen daga gidende, galtamanlary ele salmakda ugurtapyjylyk görkezýär. O1 hereketi üçin ýaşajyk Wepa galtamanlara duýgudaşlyk edýan Hoşly mollanyň ýigrenjine sezewar bolýar. Wepa mekdep ýoldaşy Mähri bilen päk ýürekli dostlukly gatnaşyk etse-de, ahmyrly bolup ýören Hoşly molla «aýal doganyma - Mährä el urjak boldy» diýip, oňa nähak töhmet atýar. Wepanyň kakasy Aman poşçy Hoşly mollanyň toslamasyna ynanýar we gahar edip, ogluny öýünden kowýar. Bu ýagdaý Wepany ruhdan düşürýär. Ol erjellik bilen okap, inžener bolup ýetişýär. Şol wagt hem Ikinji jahan urşy başlanýar. Wepa meýletinlik bilen urşa gitmek üçin arza berýär we fronta baryp, mertlerçe söweşýär. Yazyjy onuň frontdaky söweşini ýygjamlap beýan edipdir. Şonuň üçin Wepanyň faşizme garşy aldym-berdimli söweşdäki görkezen gahrymançylygy, ugurtapyjylygy bütin aýdyňlygy bilen göz öňüne gelmeýär.

MAZMUNY.
Giriş.
TÜRKMEN EDEBIÝATY XX ASYRYŇ 20-50-nji ÝYLLARYNDA.
Ata Gowşudow.
«Mähri - Wepa» (Romandan bölek).
«Mähri - Wepa» romany barada.
Edebiýat teoriýasy. Liro-epik žanr. Liriki yzaçekilme.
Hydyr Derýaýew.
«Ykbal» romany «Kimiň daragynyň sesidi?».
«Goç gelýärmi ýa gözel!».
«Ykbal» romany barada.
Edebiýat teoriýasy. Içgepletme hakynda düşünje.
Rehmet Seýidow.
TÜRKMEN EDEBIÝATY XX ASYRYŇ 60-80-nji ÝYLLARYNDA.
Gara Seýitliýew.
«Bagt näçe gaýtalansa, az ýaly».
Berdinazar Hudaýnazarow.
Şahyryň goşgulary we poemalary.
Yazyjynyň proza eserleri.
Kerim Gurbannepesow.
«Gumdan tapylan ýürek» poemasy.
Sapar Öräýew.
«Tahyra».
Halyl Kulyýew.
Annaberdi Agabaýew.
Gurbannazar Ezizow.
Edebiýat teoriýasy. Sonetler çemeni barada düşünje.
Türkmen dramaturgiýasynyň ösüşi.
Aşyr Mämiliýew we Begi Suhanow.
«Satylan düýş» pýesasy.
Türkmen çagalar edebiýatynyň ösüşi.
Kaýum Taňrygulyýew.
Türkmen edebiýatynda çeper terjime.
Edebi dostluk - ebedi dostluk.
Edebiýaty öwreniş ylmy we edebi tankyt.
Edebi tankyt.
Edebiýat teoriýasy boýunça öwrenilenleri jemlemek.
DOGANLYK HALKLARYŇ EDEBIÝATY.
Günhoja. Goşgular.
Abdulla Kadyry.
«Öten günler» romany.
Adyl Ýakubow.
«Ulugbegiň hazynasy» romany.
Ybraýym Yusupow. Goşgular.
Abdylla Arypow. Goşgular.
DÜNÝÄ EDEBIÝATYNDAN NUSGALAR.
Şemsetdin Muhammet Hafyz.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý.
«Kawkaz ýesiri» powesti.
«Kawkaz ýesiri» powesti barada.
Çingiz Aýtmatow.
«Ilkinji mugallym» powesti.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Edebiýat, 11 synp, Arazow I., Klyçew R., 2018 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 09:30:32