Biologiýa, 10 synp, Gаfurоw A., Abdukаrimоw A., Тalipоwа J., Işаnkulоw О., 2017

Biologiýa, 10 synp, Gаfurоw  A., Abdukаrimоw A., Тalipоwа J., Işаnkulоw О., 2017.

Учебник по биологии для 10 класса на туркменском языке.
 
   5–9-njy synplarda biologiýanyň bölümleri bolan botanika, zoologiýa, adam we onuň saglygy, sitologiýa we genetika esaslary ýaly bölümlerini öwreneniňizde ýaşaýyş şekilleriniň dürli-dürlüdigi bilen, olaryň häsiýetleri, esasy biologik düşünjeler, nazaryýet we kanunalaýyklyklar bilen tanyşdyňyz. 10-njy synpda öň özleşdiren bilimleriňizi ulanyp, ýaşaýşyň iň aşaky gurluş derejesinden ýokarky gurluş derejesine çenli tebigata bitewi düzüm hökmünde garamagy, biologik düşünjeleri, nazaryýetleri we kanunlary umumylaşdyran ýagdaýda bir ulgama getirmegi öwrenersiňiz.
Temanyň mazmunyny üns bilen okap çykyň, onda ulanylan şertli belgiler esasynda berlen ýumuşlary birkemsiz ýerine ýetirmegiňiz geljekde şahs hökmünde şekillenmegiňiz üçin, ylmy dünýägaraýşyňyzy giňeltmek we ekologik düşüjelere eýe bolmagyňyza esas döreder.

Biologiýa, 10 synp, Gаfurоw  A., Abdukаrimоw A., Тalipоwа J., Işаnkulоw О., 2017


BIOLOGIÝA – ÝAŞAÝYŞ BARADAKY YLYM.
Biologiýa Ýerdäki ýaşaýşyň ähli görnuşlerini, onuň dürli derejedäki: molekula, öýjük, organizm, populasiýa (gönüş), biogeosenoz (ekosistema), biosfera derejesindäki düzümleriň hemme aýratynlyklaryny öwrenýär. Biologiýanyň esasy maksady janly organizmleriň gurluşy, özboluşly häsiýetleri, köpelmegi, ösüşi, döreýşi, tebigy jemgyýetlerde we ýaşaýyş gurşawy bilen özara gatnaşyklaryny öwrenmekden ybaratdyr.

Biologiýa termini fransuz alymy J. B. Lamark we nemes alymy G. R. Trewinarus tarapyndan ylma girizilen bolup, «bios» – ýaşaýyş, «logos» – predmet diýen manyny aňladýar.

Adamlaryň saglygyny saklamak, dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak, adamyň ömrüni uzaltmak, tebigatdaky seýrek duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini gorap saklamak, köp hasyl berýän ösümlik sortlaryny, tohumy gowy haýwan görnüşlerini, täze häsiýetlere eýe bolan mikroorganizm ştamlaryny döretmek, adamzady gowy hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek ýaly möhüm meseleleri çözmek biologiýanyň ösüşi bilen bagly.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I BAP. BIOLOGIK ULGAMLAR BARADA DÜŞÜNJE.
1-§. Biologiýa – ýaşaýyş baradaky ylym.
2-§. Ýaşaýşyň mazmuny we diriligiň aýratynlyklary.
II BAP. ÝAŞAÝŞYŇ MOLEKULA DEREJESINDÄKI UMUMYBIOLOGIK KANUNALAÝYKLYKLAR.
3-§. Ýaşaýşyň molekula derejesi we onuň özboluşly taraplary.
4-§. Janly organizmleriň himiki düzümi we onuň hemişeligi.
5-§. Uglewodlar we lipidler.
6-§. Beloklar we nuklein kislotalar.
III BAP. ÝAŞAÝŞYŇ ÖÝJÜK DEREJESINDÄKI UMUMYBIOLOGIK KANUNALAÝYKLYKLAR.
7-§. Ýaşaýşyň öýjük derejesi we onuň özboluşly taraplary.
8-§. Madda çalşygy – öýjügiň ýaşaýşynyň esasy.
9-§. Plastik çalyşyk. Fotosintez, hemosintez.
10-§. Öýjügiň ýaşaýşynyň nesil yzarlaýjy birligi.
11-§. Öýjügiň ýaşaýyş sikli.
1-nji laboratoriýa işi.
IV BAP. ÝAŞAÝŞYŇ ORGANIZM DEREJESINDÄKI UMUMYBIOLOGIK KANUNALAÝYKLYKLAR.
12-§. Ýaşaýşyň organizm derejesi we onuň özboluşly taraplary.
13-§. Janly organizmleriň iýmitlenişine görä görnüşleri.
14-§. Organizmleriň köpelişi. Jynssyz köpeliş.
15-§. Organizmleriň jynsy köpelişi.
16-§. Ontogenez – janly organizmleriň indiwidual ösüşi.
17-§. Nesil yzarlamagyň umumy kanunalaýyklyklary. G. Mendeliň nesle geçijilik kanunlary we olaryň mazmuny.
18-§. Digibrid we poligibrid çaknyşdyrma. G. Mendeliň üçünji kanuny.
19-§. Nesil yzarlaýjylygyň hromosoma nazaryýeti.
20-§. Jyns genetikasy.
21-§. Jyns bilen baglylykda nesil yzarlaýjylyk.
22-§. Genleriň özara täsiri.
23-§. Üýtgeýjiligiň umumy kanunalaýyklyklary.
24-§. Genetika we adamyň saglygy.
25-§. Adamda duşýan nesil yzarlaýjy keseller. Reproduktiw saglyk.
26-§. Gen inženerliginiň barlag obýektleri we ösüş taryhy.
27-§. Öýjügiň genetik elementleri.
28-§. Öýjük nesil yzarlaýjylygynyň üýtgemegine getirýän prosesler.
29-§. Gen inženerliginde ulanylýan fermentler.
30-§. Rekombinant DNK almak.
31-§. Gen inženerligine esaslanyp ösümligiň nesil yzarlaýjylygyny üýtgetmek.
32-§. Öýjük inženerligi esasynda haýwanlaryň nesil yzarlaýjylygyny üýtgetmek. Gibridoma.
33-§. Gen we öýjük inženerligine esaslanýan biotehnologiýa.
34-§. Özbegistanda gen inženerligi we biotehnologiýa ylmynyň gazananlary.
V BAP. ÝAŞAÝŞYŇ GÖRNÜŞ WE POPULÝASIÝA DEREJESINDÄKI UMUMYBIOLOGIK KANUNALAÝYKLYKLAR.
35-§. Ýaşaýşyň görnüş we populýasiýa derejesi. Görnüş düşünjesi. Görnüşiň ölçegleri.
36-§. Populýasiýa – görnüşiň gurluşynyň we ewolýusiýanyň başlangyç birligi.
2-nji laboratoriýa işi.
37-§. Ewolýusion taglymlaryň peýda bolmagy.
38-§. K. Linneýiň, J.B. Lamarkyň ylmy işleri, J. Kýuweniň ewolýusion taglymlary.
39-§. Ç. Darwiniň ewolýusion taglymlary.
40-§. Ewolýusiýanyň hereketlendiriji güýçleri. Nesil yzarlaýjy üýtgeýjilik.
3-nji laboratoriýa işi.
41-§. Ýaşaýyş üçin göreş we onuň görnüşleri.
42-§. Tebigy seçgi we onuň görnüşleri.
43-§. Organiki älemdäki uýgunlaşmalar – ewolýusiýa netijesi.
4-nji laboratoriýa işi.
44-§. Ewolýusiýanyň sintetik nazaryýeti.
45-§. Görnüşleriň peýda bolmagy.
46-§. Ewolýusiýany subut etmekde molekulýar biologiýa, sitologiýa, embriologiýa ylymlarynyň delilleri.
47-§. Ewolýusiýany subut etmekde deňeşdirme anatomiýa, paleontologiýa ylymlarynyň delilleri.
48-§. Ewolýusiýany subut etmekde biogeografiýa ylmynyň delilleri.
49-§. Ewolýusion özgerişleriň tipleri.
50-§. Organiki älemiň ewolýusiýasynyň esasy ugurlary.
51-§. Ýerde şaşaýşyň peýda bolşy baradaky nazaryýetler.
52-§. Biohimiki ewolýusiýa nazaryýeti.
53-§. Arheý, proterozoý eralaryndaky ýaşaýyş.
54-§. Paleozoý erasyndaky ýaşaýyş.
55-§. Mezozoy, kaýnozoý eralaryndaky ýaşaýyş.
56-§. Antropologiýa adam ewolýusiýasy baradaky ylym.
57-§. Adam ewolýusiýasynyň esasy basgançaklary.
58-§. Adam ewolýusiýasynyň hereketlendiriji güýçleri.
Adalgalaryň sözlügi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Biologiýa, 10 synp, Gаfurоw A., Abdukаrimоw A., Тalipоwа J., Işаnkulоw О., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 12:00:15