Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

  XX asyryň soňky ýyllarynda we XXI asyryň başynda Özbegistanyň taryhy üçin bütinleý täze sahypa açyldy. Ol taryhy döwür hökmünde düýpli öwrülişik hadysasyny başlap berdi. Özbegistanyň sowet ulgamy şertindäki ahyrky ýyllary we özbaşdak ösüş döwri halkymyzyň birnäçe müň ýyllyk taryhynda özüniň mazmuny, düýp esasy, prosesleriň çaltlygy, waka-hadysalaryň okgunlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Derslikde Özbegistanyň döwlet garaşsyzlygyny gazanmagy, täze jemgyýete geçiş döwründe syýasy özgertmeleriň amala aşyrylmagy, Özbegistanda hukuk demokratik döwlet gurulmagy, raýat jemgyýetiniň şekillendirilmegi, ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga degişli çäreler, ruhy taýdan päkleniş we milli gymmatlyklaryň dikeldilmegi hem-de Özbegistanyň dünýä bileleşiginden mynasyp orun almagy ýaly meseleler mümkingadar öz beýanyny tapdy.

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018


Özbegistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň gazanylmagy.
Garaşsyzlyk Deklarasiýasynyň kabul edilmegi. 1990-njy ýylyň 20-nji iýun güni Özbegistan SSR Ýokary Geňeşiniň II sessiýasynda Özbegistan SSR-niň Garaşsyzlyk Deklarasiýasy kabul edildi.

Garaşsyzlyk Deklarasiýasyndaky “Özbegistany gelejegi üçin taryhy jogapkärligi çuňňur duýmak bilen, halkara hukuk kadalaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýa prinsiplerine esaslanyp Özbegistan SSRniň döwlet garaşsyzlygyny yglan edýär” diýen setirler garaşsyzlyk üçin ädilen deslapky ädimi aňladýardy. Şu Deklarasiýanyň kabul edilmegi Özbegistanyň garaşsyzlyk üçin göreşiniň täze basgançagyny başlap berdi. Bu umumdöwlet ähmiýete eýe bolan Deklarasiýany kabul etmekde respublikanyň Ýokary Geňeşiniň deputatlary işjeňlik görkezdiler. “Garaşsyzlyk Deklarasiýasy” deputatlar tarapyndan maddama-madda, her bir millet öz tagdyryny özi kesgitlemegi, Deklarasiýanyň düzgüni bilen kepillendirilýändigi öwranöwran nygtaldy. Onda özbek halkynyň asyrlaryň dowamynda gazanan döwlet gurluşy we medeni ösüş baratdaky baý taryhy tejribesi we däpleri hasaba alynmalydygy nygtaldy.

MAZMUNY.
Giriş.
I BAP. GARAŞSYZLYGYŇ YGLAN EDILMEGI WE ÖZBEGISTANDA JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY ÖZGERTMELERIŇ BAŞLANMAGY.
1-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň gazanylmagy.
2-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň milli döwletliliginiň şekillenişi we ösüşi.
II BAP. ÖZBEGISTANDA RAÝAT JEMGYÝETINIŇ ŞEKILLENMEGI WE ÖSÜŞI.
3-nji tema. Raýat jemgyýeti taglymynyň ösüş taryhy.
4-nji tema. Özbegistanda raýat jemgyýetiniň ösüşiniň esasy basgançaklary we perspekriwalary.
III BAP. ÖZBEGISTANDA YKDYSADY ÖZGERTMELER WE SOSIAL SYÝASAT.
5-nji tema. Özbek modeliniň işlenip taýýarlanmagy. Ykdysady özgertmeleriň başlanmagy.
6-njy tema. Ýurduň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy we dünýä ykdysady ulgamyna integrirlenmegi.
7-nji tema. Sosial syýasat we ony amala aşyrmagyň basgançaklary.
IV BAP. ÖZBEGISTANDA ETNIK WE KONFESSIÝALARARA GATNAŞYKLAR.
8-nji tema. Özbegistanda milletara gatnaşyklar we bagrygiňlik.
9-njy tema. Özbegistanda konfessiýalarara gatnaşyklar.
V BAP. TÄLIM ULGAMYNYŇ ÖZGERTMELERI WE KADRLARY TAÝÝARLAMAK.
10-nji tema. Umumy we ýörite orta tälim ulgamy.
11-nji tema. Ýokary tälim we ondan soňky tälimiň kämilleşdirilmegi.
VI BAP. GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA YLYM-BILIMIŇ WE SPORTUŇ ÖSÜŞI.
12-nji tema. Özbegistanda ylym-bilim.
13-nji tema. Özbegistan Respublikasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşi.
14-nji tema. Özbegistanda ýaşlar syýasaty.
VII BAP. GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA ÖZBEGISTANDA RUHY WE MEDENI ÖSÜŞ.
15-nji tema. Özbegistanda ruhy we taryhy mirasyň dikeldilmegi.
16-njy tema. Özbegistanda medeniýet we sungat.
VIII BAP. ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASATY WE IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY.
17-nji tema. Özbegistan Respublikasy daşky syýasy işiniň şekillenmegi we onuň ileri tutulýan ugurlary.
18-nji tema. Özbegistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara hyzmatdaşlygy.
19-njy tema. Özbegistan Respublikasynyň Russiýa, Hytaý we ABŞ bilen özara gatnaşyklary.
20-nji tema. Özbegistanyň Ýaponiýa, Hindistan we Koreýa Respublikasy bilen iki taraplaýyn aragatnaşyklarynyň ösüşi.
IX BAP. ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ KÖP TARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK ARAGATNAŞYKLARYNYŇ ÖSÜŞI.
21-nji tema. Özbegistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işi we parahatçylyk söýüji daşary syýasaty.
22-nji tema. Özbegistanyň regional guramalar çägindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-03-29 06:56:06