Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018

Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

  Dünýä taryhynyň 1991-nji ýyldan başlanan döwründe dünýäniň sosial-syýasy we ykdysady sistemasynda uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryna güýçli täsir eden faktor ylmy-tehniki rewolýusiýanyň täze basgançagy – kompýuter-habar rewolýusiýasy boldy. Bu rewolýusiýanyň täsirinde ösen döwletlerde siwilizasiýa industrial basgançakdan postindustrial, habar basgançagyna geçip başlady.
Bu derslik şu döwrüň wakalaryny beýan etmek bilen bilelikde, jemgyýetiň ösüşiniň häzirki basgançagyny analiz etmek we özbaşdak durmuşa gadam goýmagyň öňi syrasynda duran Siz okuwçylara özüňiziň durmuş gelejegiňizi belgiläp almak mümkinçiligini berýän bilimleri şekillendirer. Bu bilimler dünýä halklarynyň medeniýetiniň her biri özboluşly täsinligini, gumanizm we watançylyk prinsipleri, raýatlyk jemgyýeti we hukuky döwlet taglymlaryna esaslanan umumynsany gymmatlyklary düşünmäge kömek berer. Jemgyýetiň ösüşiniň möhüm kanunlaryny bilmeklik, ösüşiň özboluşly ýollaryny düşünmäge we öz gelejegi hakyndaky düşünjelere eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, alan bilimleriňiz öňdebaryjy döwletleriň taryhy tejribesini Özbegistanda döredijilikli ulanmaga kömek berýär.

Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018


Russiýa XXI asyrda.
B. Ýelsin 1999-njy ýylyň dekabrynda otstawka çykdy. Wagtlaýyn prezident wezipesini eýelän Wladimir Putin 2000-nji ýylyň mart aýynda bolup geçen saýlawlarda Russiýanyň prezidenti edip saýlandy.

W. Putin özüniň güýçli döwlet häkimiýetiniň tarapdary ekenligini görkezdi. Täze prezidentiň ilkinji hereketleri jemgyýet durmuşynda döwlet häkimiýetiniň roluny we abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirildi. Halkara meýdanda hem Russiýanyň roly diklenip başlady.

2008-nji ýylyň awgust aýynda Gruziýa özüniň düzüm bölegi hasap lanan Günorta Osetiýada we Abhaziýada konstitusion tertibi dikeltmek maksadynda bu çäkleri artilleriýadan bombalamaga başlady. Şundan soň bu dawa Russiýanyň goşunlary gatyşyp, Gruziýanyň çäklerine çenli basyp girdi. Harby dawa tiz gutardy. Emma Russiýa – Gruziýa gatnaşyklary gaty erbetleşdi.

MAZMUNY.
Giriş.
I BAP. XX ASYRYŇ AHYRY – XXI ASYRYŇ BAŞLARYNDA DÜNÝÄ ÝURTLARY.
1-nji tema. XX asyryň ahyry – XXI asyryň başlarynda halkara gatnaşyklar.
2-nji tema. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda demokratik rewolýusiýalar we sosialistik lageriň dargamagy.
3-nji tema. Sowet döwletiniň dargamagy we öňki sowet respublikalarynda özbaşdaklygyň yglan edilmegi.
II BAP. 1991 – 2017-NJI ÝYLLARDA DÜNÝÄ ÝURTLARY.
4-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasy.
5-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Ukraina, Belarussiýa we Moldawiýa respublikalary.
6-njy tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Pribaltika döwletleri.
7-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Zakawkaz döwletleri.
8-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri.
9-njy tema. Günbatar ýurtlarynda integrasiýalaşmak prosesiniň tizleşmegi. Ýewropa Soýuzy we ABŞ-nyň aragatnaşyklary.
10-njy tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary.
11-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasy.
12-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Beýik Britaniýa.
13-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Fransiýa.
14-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Italiýa.
15-nji tema. Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň syýasy, sosial-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary.
16-njy tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Hytaý Halk Respublikasy.
17-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Ýaponiýa.
18-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary.
19-njy tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Hindistan Respublikasy.
20-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Türkiýe Respublikasy.
21-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy.
22-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Pakistan we Owganystan.
23-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Siriýa we Yrak.
24-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Ysraýyl döwleti we Palestina problemasy.
25-nji tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlary.
26-njy tema. 1991 – 2017-nji ýyllarda Afrika ýurtlary.
III BAP. TÄZE MÜŇÝYLLYGYŇ BAŞLARYNDA DÜNÝÄ SIWILIZASIÝASYNYŇ PROBLEMALARY.
27-nji tema. XX asyryň ahyry – XXI asyryň başlarynda globallaşma problemalary, harby, ekstremistik we ekologik howp-hatarlar.
28-nji tema. XX asyryň ahyry – XXI asyryň başlarynda durnukly ösüş we etno-sosial problemalar.
29-njy tema. XX asyryň ahyry – XXI asyryň başlarynda ylmy-tehniki ösüş. Ylym, edebiýat, sungat.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-04-23 21:16:32