Bedenterbiýe, 3 synp, Mahkamjanow K., Hojaýew F., 2016

Bedenterbiýe, 3 synp, Mahkamjanow K., Hojaýew F., 2016.

Учебник по физкультуре для 3 класса на туркменском языке.

   3-nji synpda size örän köp gyzykly sapaklar garaşýar. Siz gimnastika, sport oýunlarynyň elementleri, ýagny umumösdürýän maşklary we gyzykly milli hereketli oýunlary öwrenersiňiz. Şeýle hem, organizmiňiz we fiziki ukyplaryňyzy ösdürmek üçin çylşyrymly maşklary ýerine ýetirmelidigini bilip alarsyňyz.
Mundan başga-da, siz üçünji synpda nähili maşklar bolmalydygyny, olaryň bir-birinden nähili tapawutlanýandygyny, olaryň haýsy sypatlary ösdürmek üçin ulanylýandygyny, maşklary we olardan nähili peýdalanmalydygyň ýollaryny öwrenersiňiz. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe maşklarynyň toplumynyň özi nämedigini we olary nähili yzygiderlikde ýerine ýetirmekligi, özüňiziň beden taýdan ösüş derejäňize gözegçilik etmegi-de öwrenersiňiz. Derslerde sportuň käbir görnüşleri hakynda, olaryň gelip çykyşy, ösüşi hakynda gysgaça maglumatlara eýe bolarsyňyz.

Bedenterbiýe, 3 synp, Mahkamjanow K., Hojaýew F., 2016


Bedenterbiýe näme berýär?
Bedenterbiýe - bu beden taýdan kämillige ýetişmäge gönükdirilen pedagogiki prosesdir. Bu prosesde akyl, ahlak, estetik we zähmet terbiýesi amala aşyrylýar.

Bedenterbiýäniň maksady - sagdyn, güýçli, şadyýan, b atyr, edermen, mert, her taraplaýyn ösen, zähmete we Watanyň goragyna taýýar bolup duran adamlary terbiýelemekden ybaratdyr.

Siz bedenterbiýe derslerinde:
- durmuşda zerur boljak örän köp möhüm hereket, endik we başarnyklary eýeläp, beden taýdan gowy ösersiňiz;
- adamyň durmuşynda bedenterbiýe örän uly ähmiýete eýedigine düşünersiňiz;
- sagdyn bolmak üçin gün tertibindäki ertirki gigiýenik gimnastikada nähili maşklardan peýdalanmalydygyny, akyl işini fiziki zähmet bilen bilelikde alyp barmakda nähili şertlere boýun egmelidigini bilersiňiz.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
Bedenterbiýä we sporta degişli nazariy bilimleriň esaslary.
1. Bedenterbiýe näme berýär?.
2. Siz nämeleri bilmeli?.
3. Bedenterbiýe gigiýenasy.
4. Mekdep okuwçylarynyň gün tertibi.
5. Bedenterbiýäniň döremegindäki faktorlar.
Okuw gün tertibindäki bedeni sagdynlaşdyryjy çäreler.
1. Mekdepde dersden öň geçirilýän gim-nastika.
2. Şadyýan pursatlar.
3. Uly arakesmede geçirilýän hereketli oýunlar.
4. Synpdan daşary sport gurnaklarynyň beden-terbiýedäki ähmiýeti.
Bedenterbiýe prosesinde amaly hereket endiklerini we ukyplaryny şekillendirmek.
1. Nyzam maşklary.
2. Bedeniň ýagdaýlaryny we hereketlerini aňladýan esasy adalgalar.
3. Boý-syrat we ony şekillendirmäge degişli maşklar.
4. Umumy ösdüriji maşklar.
5. Deňagramlylygy saklamaga degişli maşklar.
6. Emedeklemek.
7. Aşyp geçmek we dyrmaşmak.
8. Ýönekeý we garyşyk asylmak maşklary.
9. Tans maşklary.
10. Akrobatika maşklary.
11. Daýanyp bökmek.
12. Ýöremek.
13. Ylgamak.
14. Bökmek.
15. Zyňmak.
16. Futbol.
17. Futbolçy üçin umumy ösdüriji maşklar.
18. Futbolçynyň hereketleri we usullary.
19. Basketbol.
20. Basketbolçy üçin umumy ösdüriji maşklar.
21. Basketbolçynyň hereketleri we usullary.
22. Woleýbol.
23. Woleýbolçy üçin umumy ösdüriji maşklar.
24. Woleýbolçynyň hereketleri we usullary.
25. Hereketli oýunlar.
26. Ýüzme.
Sportuň görnüşleri we sport barada maglumatlar.
1. Gimnastika.
2. Ýeňil atletika.
3. Milli göreş.
4. Bilbagly göreş.
5. Turan.
6. Sport oýunlary.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Bedenterbiýe, 3 synp, Mahkamjanow K., Hojaýew F., 2016 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 04:52:50