Учебник по воспитанию для 11 класса на туркменском языке.
Ýene az salymdan özbaşdak durmuşyň bosagasyna gadam basarsyňyz. Sizi geljekde gündelik durmuşyň ýönekeý synaglarydyr «belent-pesligi»nden başlap ömrüň ajaýyp we ynanylmaz synag edilmedik ýollary garaşyp dur. Sebäbi bu dirilik giňişliginde ýagşylyk we ýamanlyk, dogruçyllyk we ýalançylyk, halal we haram ýaly häsiýetlerdir, nogsanlyklar aramyzda tapylýar. Olar bir-birlerine ýakyn ýaşaýarlar. Elbetde, durmuş edil şunuň bilen reňkli, öwüşgünli we syrlydyr.
Göz öňüne getiriň, ömrüňizde ilkinji gezek kyn ýagdaýa duçar bolduňyz nädip ýeňmelidigini bilmeýärsiňiz. Oňa garşy göreşmäge güýç gudrat tapyp bilmeýärsiňiz. Onda siz kime ýa-da näme ýüzlenerdiňiz? Şübhesiz, beýle ýagdaýlarda ene-atalaryňyzyň we ýakynlaryňyzyň hoşniýetlilik we arassaçylyga esaslanan şahsy göreldesi, halypa mugallymlaryňyzyň mähribanlygy we talap ediji öwüt-nesihatlary örän peýdalydyr. On bir ýylyň dowamynda beýleki dersler bilen birlikde «Terbiýe» okuw kitabyndan alan owadan terbiýäňiz, bilimiňiz we başarnygyňyz kömege geler.
MAŞGALA JOGAPKÄRÇILIGI, ABRAÝY WE GADRY.
Maşgala gurşawy adamyň özüne mynasyp ruhyýetiniň, dünýägaraýşynyň, hyýalyň we ynanjyň kemala gelmeginde, möhüm faktor bolar. Ynsan ýüreginde we aňyndaky iň arassa, päkize duýgular, ilkinji durmuşyň düşünjesi we hyýallar hut maşgalanyň gujagynda emele gelýär.
Bu mukaddes ýerde diňe bir çaga dünýä inmän, eýsem, ruhy we ahlak taýdan terbiýeli adam ösüp ulalýar. Maşgala şeýle bir ýerdir, onda sejereler kemala gelýär. Ata-babalarymyz elmydama maşgala agzybirligine, sagdyn nesil terbiýesine elmydama üns beripdirler. Şeýle üns nesilleriň ýüregine we aňyna ornaşdyrylyp gelnipdir.
MAZMUNY.
I BAP. MAŞGALA GYMMATLYKLARY.
1-nji tema: Watanyň ösmeginde men hem jogapkär.
2-nji tema: Erkin we abadan durmuşyň mazmuny.
3–4-nji tema: Batyrgaý ädimler bilen uly durmuşa tarap.
5-nji tema: Maşgala jogapkärçiligi, abraýy we gadry.
II BAP. ADAMYŇ MEDEN – RUHY.
6-njy tema: Görelde mesgeni.
7-nji tema: Çydamlylyk.
8–9-njy tema: Ksenofobiýa.
10–11-nji tema: Missionerlik – ýaşlaryň geljegine howp.
12–13-nji tema: Kibermekanda maglumat peýdalanyş medeniýeti.
14–15-nji tema: Dünýä dinlerinde parahatçylyk ideýasy.
III BAP. GOZEL HÄSIÝETLER.
16–17-nji tema: Duýgularyň dürlüligi.
18-nji tema: Nepislik we medeni – ruh.
19–20-nji tema: Surat we syrat.
21–22-nji tema: Etiket.
IV BAP. ŞAHSY ÖSÜŞ.
23–24-nji tema: Renessans binýady.
25–26-njy tema: Halallyk waksinasy.
27–28-nji tema: Höwes et we öňe tarap hereket et.
29–njy tema: Zähmetden gadyr tapanlar.
30–njy tema: Men saýlan ýol.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: воспитание :: Kenjaýew :: Ismatowa :: Islamow :: 11 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 3 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ş., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2022
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 3 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ş., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2022
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 2 bölek, Hallyýew К., Metýakubow J., 2021
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 2 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021
Предыдущие статьи:
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek, Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 1 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ș., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2021
- Türkmen dili, 5 synp, Soýunowa G., 2020
- Harplyk depderi, 1 synp, Hallyýew K., 2021