Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Suleýmanow A., Abdullaýew N., Suleýmanowa Z., 2017

Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Suleýmanow A., Abdullaýew N., Suleýmanowa Z., 2017.

Учебник по изобразительному искусству для 7 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Siz şekillendiriş sungaty esaslaryndan sapak alyp, onuň görnüşleri we žanrlary, görnükli suratçylar we amaly sungat ussalary, heýkeltaraşlar hem-de olaryň eserleri barada bilimlere eýe bolduňyz, şekillendiriş sungatynyň käbir görnüşi ýa-da žanrynda özbaşdak döredijilikli işi ýerine ýetirmek boýunça öz zehiniňizi görkezmegi öwrenip bardyňyz. Bu okuw ýylynda şekillendiriş sungaty sapaklary tamamlanýar. Şonuň üçin hem mugallymyňyzdan“Şekillendirişsungaty”okuwpredmetiboýunçaköpräkbilimleri özleşdirmäge çalşyň. Aýratynam, şekillendiriş sungatynyň çylşyrymly temalary - sungatda akymlar weýönelişler, simwoliklik kanunalaýyklyklary, gadymy kitap sungatyna degişli bilimleri düşbülik bilen eýelemegiňiz talap edilýär. Sebäbi, siz häzir, öz zehniňiz, çeper-estetik ussatlygyňyz, şekillendiriş sungatyna degişli bilimleriňiz bilen mugallymyňyzy, ýaşytdaşlaryňyzy, ata-eneňizi hoşal etmegi başaraýjak ýaşdasyňyz.

Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Suleýmanow A., Abdullaýew N., Suleýmanowa Z., 2017


ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA SIMWOLIK BELGILER WE GERALDIKA.
Islendik döwlet suwerenlik (garaşsyzlyk) derejesine eýe bolmagy üçin onuň mukaddes nyşanlary - baýdagy, senasy, gerbi we milli walýutasy bolmalydyr. Bu mukaddes nyşanlar döwletiň milli baýramlarynda, döwletlarara ýokary mertebeli saparlarda, şonuň ýaly-da, ýurduň sportçylary halkara ýaryşlarda ýeňijilik şasupasyna çykanlarynda galdyrylýar, ýaňlanýar. Özbegistanyň mukaddes nyşanlaryndan onuň Baýdagy we Döwlet Gerbi ýurduň resmi dergählerinde hem hemişelik omaşdyrylan bolýar.

Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Gerbi 1992-nji ýylyň 2-nji iýulunda Özbegistan Respublikasynyň Yokary Geňeşiniň X sessiýasynda tassyklanan. Gerbiň dörediliş prosesinde respublikamyzyň ençeme görnükli hudažnikleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda suratçy Anwar Mamajanow tarapyndan gowşurylan wariant ýeňiji hasaplandy. Diýmek, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Gerbi teswiriniň awtory gönükli grafiki suratçy Anwar Mamajanowdyr (14-nji surat).

MAZMUNY.
Sözbaşy.
BIRINJI ÇÄRÝEK.
Sungatda akymlar we ýönelişler.
Impressionizm stilinde peýzaž işlemek. “Piantilizm”.
Kubizm stilinde natýurmort işlemek.
Şekillendiriş sungatynda simwolik belgiler we geraldika.
Özbegistanyň amaly bezeg sungatynda simwolik şekiller.
IKINJI ÇÄRÝEK.
Özbegistanyň nagyş simwollary.
Amaly bezeg sungatynyň obrazly ulgamy.
Amaly bezeg sungatynda şekil we mazmun.
Dizaýn sungaty.
ÜÇÜNJI ÇÄRÝEK.
Özbegistanyň arhitektura ýadygärlikleri.
Gündogar binagärçiligi.
Men islän şäher.
Arhitektura peýzažy.
DÖRDÜNJI ÇÄRÝEK.
Kitap sungaty.
Özbegistanyň kitap grafikasy sungaty.
Kitap grafikasy sungatynyň çeper-grafiki elementleri.
Kitap illýustrasiýasy.
Kitabyň maketi.
Goşmaçalar.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Suleýmanow A., Abdullaýew N., Suleýmanowa Z., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-03-28 22:40:53