Geografiýa, 8 synp, Musaýew P.G., Musaýew J.P., 2019

Geografiýa, 8 synp, Musaýew P.G., Musaýew J.P., 2019.

Учебник по географии для 8 класса на туркменском языке.
 
   Siz indi öňki synplarda alan bilimleriňiz esasynda Ýer ýüzüniň, şol sanda, ýurdumyzyň tebigaty barada başgalara-da maglumat berip bilersiňiz. Olardan daşary şeýle bilimler hem bar bolup, olar adamlaryň işi, durmuş ýörelgeleri we önümçiligiň territorial tapawutlanyşy ýaly adamzat, jemgyýetçilik duimuşy bilen gönüden-göni baglydyr. Ynha şu bilimleri öwrenýän ylym ykdysady we sosial geografiýa diýlip atlandyrylýar. Ol ilatyň işiniň territorial guralyşy bilen bagly ykdysady we sosial meseleleri belli bir ýurt boýunça hem, bütin dünýä möçberinde-de öwrenýär. Şu okuw ýylynda janajan Watanymyz - Özbegistanyň ykdysady we sosial geografiýasyny öwrenýäris.

Geografiýa, 8 synp, Musaýew P.G., Musaýew J.P., 2019


ÖZBEGISTANYŇ DOLANDYRYŞ-ÇÄK GURLUŞY.
Özbegistanyň dolandyryş-çäk gurluşy, çäk serhetleriniň keşbi ony dolandyrmakda we ýokarlandyrmakda möhüm rol oýnaýar. Özbegistan Respublikasynyň çägi 448,9 müň kw.km bolup, dünýäniň iň ösen döwletleri hasaplanýan Ýaponiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Italiýa ýaly döwletleriň çäginden uly (2-nji surat). Paýtagty Daşkent şäheri.

Özbegistanyň dolandyryş-çäk gurluşy 3 derejeden ybarat. Birinji derejede Garagalpagystan Respublikasy, 12 welaýat we Daşkent şäheri ýerleşýär. Öz gezeginde Garagalpagystan Respublikasy hem-de welaýatlar olara garaşly tümenlerden we şäherlerden ybarat. Daşkent şäheri bolsa şäheriň içindäki tümenlerden ybarat.

Garagalpagystan Respublikasy we welaýatlaryň tümenleri olara garaşly şäherler, şäherçeler, oba raýatlar ýygnagyndan ybarat (3-nji surat). Ýurdumyzdaky welaýatlar Andijan, Buhara, Jyzzak, Nowaýy, Namangan, Samarkant, Syrderýa, Surhanderýa, Daşkent, Fergana, Kaşgaderýa we Horezm diýlip atlandyrylýandygyny bilýärsiňiz. Welaýatlar çägi we ilat sany boýunça bir-birinden uly tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatlaryň sany hem-de atlandyrylyşynda özgerişler bolmady. Тümen, şäher, şäherçe, oba we awullar sany hem-de atlandyrylyşy bolsa çäklerdäki sosial-ykdysady ösüşe laýyklykda hemişe özgerýär.

MAZMUNY.
I BAP. ÖZBEGISTANYŇ GEOGRAFIK ÝERLEŞIŞI WE DOLANDYRYŞ-ÇÄK GURLUŞY.
1-nji ders. Giriş.
2-nji ders. Özbegistanyň geografik ýerleşişi.
3-nji ders. Özbegistanyň dolandyryş-çäk gurluşy.
4-nji ders. Sosial-ykdysady kartalar.
II BAP. ÖZBEGISTANYŇ TEBIGY BAÝLYKLARY, ILATY WE ZÄHMET RESURSLARY.
5-nji ders. Özbegistanyň tebigy şerti we tebigy baýlyklary.
6-njy ders. Tebigy şertleriň we tebigy baýlyklaryň milli ykdysadyýetdäki ähmiýeti.
7-nji ders. Özbegistanyň ilaty.
8-nji ders. Özbegistanyň ilatynyň düzümi.
9-njy ders. Ilatly punktlar.
III BAP. MILLI YKDYSADYÝETIŇ DÜZÜM TAÝDAN GURLUŞY.
10-njy ders. Özbegistanyň milli ykdysadyýetiniň gurluşy.
11-nji ders. Senagat – milli ykdysadyýetiň daýanç pudagy.
12-nji ders. Ýangyç-energetika toplumy.
13-nji ders. Nebit we gaz senagaty.
14-nji ders. Kömür senagaty.
15-nji ders. Elektroenergetika.
16-njy ders. Himiýa senagaty.
17-nji ders. Gara metallurgiýa.
18-nji ders. Reňkli metallurgiýa.
19-njy ders. Maşyngurluşygy we onuň pudaklary.
20-nji ders. Awtomobilgurluşyk.
21-nji ders. Agajy gaýtadan işleýän senagat.
22-nji ders. Gurluşyk materiallary senagaty.
23-nji ders. Senagat we ekologik meseleler.
24-nji ders. Agrosenagat toplumy.
25-nji ders. Oba hojalygy.
26-njy ders. Ekerançylyk.
27-nji ders. Maldarçylyk.
28-nji ders. Özbegistanda oba hojalygynyň geografik tipleri.
29-njy ders. Ýeňil senagat.
30-njy ders. Azyk senagaty.
31-nji ders. Senagaty territorial guramak hem-de ýerleşdirmek şekilleri.
32-nji ders. Тransport geografiýasy.
33-nji ders. Özbegistanyň transportunyň häzirki zaman ösüşi.
34-nji ders. Ilata hyzmat etme ugurlary.
35-nji ders. Özbegistanda rekreasiýa we turizm.
36-njy ders. Daşary ykdysady aragatnaşyklar.
37-nji ders. Amaly sapak.
IV BAP. ÖZBEGISTANYŇ REGIONAL HÄSIÝETNAMASY.
38-nji ders. Özbegistanyň ykdysadyýetini territorial guramak.
39-njy ders. Daşkent ykdysady raýony.
40-njy ders. Daşkent welaýaty.
41-nji ders. Daşkent şäheri.
42-nji ders. Mürzeçöl ykdysady raýony.
43-nji ders. Syrderýa welaýaty.
44-nji ders. Jyzzak welaýaty.
45-nji ders. Fergana ykdysady raýony.
46-njy ders. Andijan welaýaty.
47-nji ders. Fergana welaýaty.
48-nji ders. Namangan welaýaty.
49-njy ders. Zerewşan ykdysady raýony.
50-nji ders. Samarkant welaýaty.
51-nji ders. Nowaýy welaýaty.
52-nji ders. Buhara welaýaty.
53-nji ders. Günorta ykdysady raýon.
54-nji ders. Kaşgaderýa welaýaty.
55-nji ders. Surhanderýa welaýaty.
56-njy ders. Aşaky Amyderýa ykdysady raýony.
57-nji ders. Horezm welaýaty.
58-nji ders. Garagalpagystan Respublikasy.
59-njy ders. Amaly sapak.
60-njy ders. Jemleýji gaýtalamak.
Goşmaçalar.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geografiýa, 8 synp, Musaýew P.G., Musaýew J.P., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 08:46:15