Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020

Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020.

Учебник по музыке для 4 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçy! Her bir halkyň lezzetli heňleri, aýdym-sazlary, bir söz bilen aýdanda milli sazy bolýar. Halk sazy - köp we birnäçe asyrlaryň synaglaryndan geçen we kalbymyzdan orun tutan ruhy baýlygymyzdyr.
Dürli-dürli saz gurallarymyz we olarda ýaňlanyp gelýän milli sazlarymyz bolsa, ynha şu ruhy baýlygyň aýrylmaz bölegidir.
Eliňizdäki okuw kitaby sizi ynha şeýle ruhy gözellik we baýlyklardan lezzet aldyrmak maksadynda ýazylandyr.
Onda halkymyzyň durmuş derejesi, zähmeti we dürli baýramlary bilen bagly aýdymlary, milli saz gurallary hakyndaky maglumatlar bilen tanyşarsyňyz, seýrek aýdym-sazlary diňlärsiňiz, olaryň käbir nusgalaryny aýtmagy öwrenersiňiz. Şeýle hem, Özbegistanyň kompozitorlarynyň siz okuwçylar üçin döreden aýdymlary bilen tanyş bolarsyňyz!

Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020


ÝÖNEKEÝ SAZ ŞEKILLERI. BENT ŞEKLI.
Her bir saz eseri belli bir gurluşa eýe bolýar. Onuň ynha şu gurluşy bolsa saz şekli diýlip atlandyrylýar. Saz şekilleri eserleriň haýsy žanrda döredilenligine we uly-kiçiligine garap dürlüçe bolýar. Iň ýönekeý saz şekillerini halk aýdymlarynda duşmak mümkin.

Halk aýdymlary, adatda, bent şeklinde bolýar. Bu şekil dört goşgy misreden we oňa utgaşyk dört heň gurluşyndan emele gelýär. Muňa şol sanda, “Oh, leýli” aýdymy mysal bolmagy mümkin. Şonuň ýaly-da, halk saz döredijiliginde gaýtalamaly bent şekli hem köp duşýar, ýagny munda goşgy misreleri üýtgäp durýar her bir bendiň arasynda gelen gaýtalama üýtgewsiz gaýtalanyp durulýar. Şeýle şekiller, esasan ýalla žanry aýdymlaryna degişlidir.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
Özbegistan Respublikasynyň senasy.
Sözleri A. Aripowyňky, Sazy M. Burhanowyňky.
BIRINJI ÇÄRÝEK.
Özbek halk aýdymlary.
1-nji    ders. Watanymyzy wasp edýäris.
Ýönekeý saz şekilleri. Bent şekli.
2-3-nji    dersler. Halk aýdymlary. Lapar.
Oyijon. Özbek halk lapary.
Bizden size kim gerek? Sözleri W. Kurbanowyňky, Sazy M.Nasimowyňky.
Sazyň aňlatma serişdeleri.
4-5-nji dersler. Ýalla.
Şaftoliga sawolim. Sözleri RMöminiňki, Sazy N. Narhojaýewiňki.
Usul.
6-7-nji dersler. Remezan dessurynyň aýdymlary.
Nişolda. Sözleri R. Tolibiňki, Sazy D. Omonullaýewanyňky.
Dinamiki belgiler.
8-nji    ders. Alla aýdymlary.
Oyijonim allasi. Sözleri T. Mahmudowyňky, Sazy F. AIimowyňky.
“Alla” hakynda rowaýat.
9-njy    ders. Çagalar halk oýun-aýdymlary.
Ýamgyr ýagalak. Özbek halk aýdymy.
Kiçi bilen geçi. Sözleri K.Taňrygulyýewiňki.
Sazy W. Ahmedowyňky.
Lad. Do-mažor tonallygy.
IKINJI ÇARYEK.
Halk aýdymlary we tanslary.
1-nji ders. Halk aýdymlary.
Aýdym. Oh, leýli. Özbek halk aýdymy.
Oftob çykdy äleme. Özbek halk aýdymy.
Anna. Sözleri K. Taňrygulyýewiňki. Sazy W. Ahmedowyňky.
Lýa-minor seshatary.
2-3-nji dersler. Halk tanslary.
Bulba. Belorus halk oýun-aýdymy.
Şagala. Garagalpak halk oýun-aýdymy.
Watan. Sözleri H. Rahmatyňky, Sazy H. Hasanowanyňky.
Tonika.
4-5-nji dersler. Zähmet aýdymlary.
Urçuk. Özbek halk aýdymy.
Ýagşy bala. Sözleri RMöminiňki, Sazy N. Narhojaýewiňki.
Durnukly we durnuksyz sesler.
6-7-nji dersler. Toý dabarasy aýdymlary.
Surnaý nowasy. Halk sazy.
Ýar-ýar. Halk aýdymy.
Derýa. Sözleri G.Ezizowyňky, sazy D.Hydyrowyňky.
Külçe nan. Sözleri RMöminiňki, Sazy I. Hamroýewiňki.
Berkitmek üçin ýumuşlar.
ÜÇÜNJI ÇÄRÝEK.
Baýram we möwsüm aýdymlary.
1-2-nji dersler. Gyş paslynyň aýdymlary.
Sowuk kimi gözleýär? Sözleri RMöminiňki, Sazy N. Narhojaýewiňki.
Biz esgerdiris. Sözleri I. Rahmanyňky, Sazy N. Narhojaýewiňki.
Üçseslilik.
3-4-nji dersler. Bagşyçylyk sungaty.
Gutly bolsun baýramyň. Sözleri G. Meredowyňky Sazy J.Gurbangylyjowanyňky.
Bagşynyň edermenligi.
5-6-njy dersler. Bahar paslynyň aýdymlary.
Baýçeçek. Özbek halk aýdymy.
Bahar geldi. Özbek halk aýdymy.
Lola. Özbek halk aýdymy.
Baharym. Ýu. Rejebiniň sazy.
Ýaşasyn Nowruz ady. Sözleri G. Meredowyňky.
Sazy J. Gurbangylyjowanyňky.
7-8-nji dersler. Baharyň ilçileri we tebigat.
Owlaklar. Sözleri K.Taňrygulyýewiňki, Sazy W. Ahmedowyňky.
Men çynar ekdim. Sözleri G. Çöliýewiňki. Sazy D. Nuryýewiňki.
Ton we ýarym ton.
9-10-njy dersler. Kompozitor Kamiljan Jabbarow.
Diýarymsen. Sözleri Habibiniňki, Sazy K. Jabbarowyňky.
Weli (Welmuhammet) Muhadow.
Ýaz ýagşy. Sözleri P. Möminiňki, Sazy D. Zakirowyňky.
Alterasiýa belgileri.
DÖRDÜNJI ÇÄRÝEK.
Halk saz gurallary.
1-2-nji dersler. Kirişli saz gurallary.
Çal, dutarym. Sözleri Nury Baýramowyňky, sazy Jeren Gurbangylyjowanyňky.
Owgan rubaby barada rowaýat.
3/4 ölçegi.
3-4-nji dersler. Üflenip çalynýan saz gurallary.
Gül mekanyň bahar-ýazy. Sözleri A. Güriýewiňki, Sazy N.Muhadowyňky.
Çemendegül. Özbek halk aýdymy.
Bahar. Sözleri Z. Egamberdiýewanyňky, Sazy Ş. Ýarmatowyňky.
Tüýdügiň sesi.
4/4 ölçegi.
5-6-njy dersler. Kakylyp çalynýan saz gurallary.
3/8 ölçegi.
Çagalyk. Sözleri Dilnuryňky, Sazy H. Hasanowanyňky.
Dep.
7-8-nji dersler. Kompozitor Fahriddin Sadykow.
Garabaýyr. Sözleri A. Poladyňky, Sazy F. Sadykowyňky.
Ýaz gijesi. Sözleri A.Rahmanowyňky. Sazy D.Nuryýewiňki.
Berkitmek üçin ýumuşlar.
Ýatda saklaň!.
Aýdym-saz sözlügi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Saz, 4 synp, Ibrohimow О., 2020 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 01:40:56