Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019.

Учебник по праву для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Soňky ýyllarda, garaşsyzlygy gazananymyzdan soňky döwürde ilkinji gezek garaşsyzlygyň düýp manysyny aňladýan taglym — ynsan bähbitlerini döwletimiziň işiniň merkezine alyp çykmak taglymy öňe sürüldi. Erkin, özbaşdak ýaşamak, özüniň mümkinçiliklerini, ukybyny doly ýüze çykarmak ähli şertler taýýar edilen ýerde ýaşamak, güzeran geçirmek her bir adamzadyň ozaldan arzuwy bolup gelipdir. Adamyň bu arzuwunyň amala aşmagy, onuň ýaşaýan ýurdunyň hakyky erkin, bagtly durmuşy üpjün edip bilmegi üçin şu ýurtda belli bir ykdysady-sosial we syýasy-hukuk şert bolmalydyr. Bu ýerde adam hukuklaryna we azatlyklaryna bolan üns iň ýokary derejede bolmalydyr. Çünki adam özüni özbaşdak we bagtly duýmagy üçin, ilki bilen, hökman onuň hukuklary we azatlyklary üpjün edilen bolmaly.

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019


Şahs.
Adam her bir diri jandar ýaly janly tebigatyň bir agzasy, elementidir. Emma adam tebigatdaky başga jandarlardan özüniň ençeme taraplary bilen tapawutlanýar. Ynsan – tebigatdaky iň ösen, aňly jandardyr . Ol hem edil beýlekiler ýaly diri jandar. Onuň edil haýwanlarda bolşy ýaly , tebigy zerulyklary, ynha şu zerurlyklary kanagatlandyrmaga ymtylýan wagtda ýüze çykýan, instinkt diýip atlandyrylýan sypaty bar. Emma adamyň haýwanlar bilen umumy taraplary şunuň bilen gutarýar. Ýagny, adam aňly, akylly jandar görnüşindäki taraplaryny ýüze çykaryp başlaýar, bu taraplar diňe tebigatyň adamzat diýip atlandyrylýan bölüminiň wekili bolan adama mahsusdyr.

Her bir aýratyn adam – bu indiwid. Ol aýal ýa-da erkek , ýaş ýada garry , belent ýa-da pes boýly, arryk ýa-da semiz diýip taryplanýan umumy aýratynlyklara , nahar , suw, başpena , geýim-gejim ýaly umumy zerurlyklara, ata-enä, öz öýüne baglylyk, küýseg, söýgi ýaly tolgunmalarda ýüze çykýan duýgulara eýe. Adamyň bu taraplary ähli adamlara birdeňdir. Ýagny adam doglup ösýän wagtynda bu taraplar özünden-özi az-azdan şekillenýär. Ynha şu indiwid, adam, ynsanyň nähili şahsa öwrülmegi, ýagny adamyň şahs hökmünde şekillenmek hadysasy ynsanyýeti gadym zamanlardan bäri gyzyklandyryp gelýär.

MAZMUNY.
Derslikden peýdalanmak boýunça umumy görkezmeler.
1-nji tema. Özbegistan Respublikasy – özbaşdak döwlet.
I BAP ŞAHS, JEMGYÝET WE DÖWLET.
2-nji tema. Şahs.
3-nji tema. Jemgyýet.
4-nji tema. Döwlet.
5-nji tema. Döwletiň funksiýalary.
6-njy tema. Döwletiň dolandyryş şekli.
7-nji tema. Döwletiň gurluş şekli.
8-nji tema. Syýasy düzgün (režim). Döwlet organlary. Döwlet mehanizmi.
Bap boýunça test nusgalary.
II BAP RAÝATLYK JEMGYÝETI WE HUKUK DÖWLETI.
9-njy tema. Raýatlyk jemgyýeti.
10-njy tema. Hukuk döwleti.
Bap boýunça test nusgalary.
III BAP ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNDA DÖWLET DOLANDYRYŞYNYŇ GURALYŞY.
11-nji tema. Özbegistan Respublikasynda döwlet dolandyryşy.
12-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
13-nji tema. Özbegistan Respublikasynda kanun çykaryjy organ.
14-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýet organlary.
15-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň sud ulgamy.
Bap boýunça test nusgalary.
IV BAP AHLAK WE HUKUK. HUKUK GATNAŞYKLARY.
16- njy tema. Ahlak we hukuk.
17-nji tema. Hukuk normalary.
18-nji tema. Hukuk ugurlary.
19- njy tema. Hukuk gatnaşyklary.
20-nji tema. Özbegistan Respublikasynyň kanun çeşmeleri.
21-nji tema. Hukuk aňy we hukuk medeniýeti.
Bap boýunça test nusgalary.
V BAP KANUN BOZMA WE ÝURIDIK JOGAPKÄRLIK.
22-nji tema. Kanun bozma.
23-nji tema. Ýuridik jogapkärlik.
24-nji tema. Hukuk goraýjy döwlet organlary.
25-nji tema. Adalat ministrligi. Adwokatura we Notarial edaralar.
26- njy tema. Ýaragly Güýçler we ýaşlary harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek.
Bap boýunça test nusgalary.
VI BAP KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIKLERIŇ HUKUKLARY, BORÇLARY.
27-nji tema. Raýatlyk kanunçylygynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary.
28-nji tema. Jenaýat kanunçylygynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary we borçlary.
29- njy tema. Maşgala kanunçylygynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary we borçlary.
30- njy tema. Zähmet kanunçylygynda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary.
Bap boýunça test nusgalary.
Goşmaça: Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukuklary we borçlary.
“Özbegistanyň döwleti we hukuk esaslary”ndan meseleler.
Käbir ýuridik adalgalaryň düşündirişli sözlügi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-07 20:35:54