Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019

Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019.

Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.

   Siz VIII synpda ynsanyýetiň ösüşiniň soňky basgançagy — Täze taryh wakalary bilen tanyşmagy başlarsyňyz. Täze taryh adamlaryň tebigy deňligi, şahsyň erkinligi we şany ýaly demokratik düşünjelere esaslanan täzeçe dünýägaraýşyň şekillenmegi bilen Orta asyrlardan tapawutlanýar. Täze döwrüň iň harakterli taraplaryndan biri dünýäni täzeçe düşünmek esasynda ynsanyň ugurtapyjylygy, telekeçiligi üçin giň mümkinçilikleriň açylmagynda ýüze çykdy.

Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019


Hindistana deňiz ýolunyň açylmagy.
Täze ýerleriň açylmagy portugaliýalylarda uly gyzyklanma döretdi. Yene bir deňiz syýahatçysy Wasko da Gamanyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa 1497-nji ýylda Afrikanyň günortasyndan aýlanyp geçip, Hindi okeanyna çykdy. Olar Afrikanyň kenarlaryndan ýüzüp, arap deňizçisi — Ähmet ibn Majidiň kömeginde 1498-nji ýylda Hindistana ýetip geldi. Bu ýerden ençeme önümleri ýüklän deňizçiler 1499-njy ýylda Portugaliýa gaýdyp geldi. Iki ýyla golaý dowam eden syýahatda ekspedisiýa agzalarynyň köpçüligi heläk boldy. Emma muňa seretmezden, Wasko da Gamanyň ekspedisiýasynyň üstünligi Yewropa uly täsir etdi. Yewropaly söwdagärler Gündogara garap atlandylar. Hindistandan Yewropa priprawalar we süýjüler alyp gelýän söwdagärler örän uly peýda görüp başladylar. Şeýlelikde, Hindistana hemişelik deňiz ýoly açyldy.

1519-njy ýylda portugaliýaly ýene bir deňizçi — Fernando Magellanyň ekspedisiýasy Amerikanyň günortasyndaky bir bogazy aýlanyp geçip (soňra Magellan bogazy diýip atlandyryldy), nätanyş we dynç bolan uly okeana çykdy. Okeanyň käbir wagtlarda şemally bolýanlygyny bilmedik F. Magellan ony Yuwaş okean diýip atlandyrdy. Okeanda uzak ýüzmegiň dowamynda açlykdan, kesellikden hem-de täze açylan adalardaky ýerli ilat bilen bolan söweşlerden ekspedisiýa agzalarynyň köpçüligi, şol sanda, F. Magellan hem heläk boldy. Ekspedisiýanyň aman galan agzalary Yer şaryny aýlanyp ýüzüp, 1522-nji ýylda özleriniň ugrap giden Ispaniýa kenarlaryna ýetip geldi. Deňiz syýahatçylaryndan örän kem adam aman galdy. F. Magellanyň açyş eden deňiz ýoly amaly ähmiýete eýe bolmady, ondan uzak wagt hiç kim peýdalanmady. Emma bu açyş Yeriň togalaklygyny amalda subut etdi.

MAZMUNY.
Giriş. Täze döwrüň başlanmagy.
I BAP. ÝEWROPADA TÄZE DÖWRÜŇ ŞEKILLENMEGI.
1-nji tema: Beýik geografik açyşlar we olaryň taryhy ähmiýeti.
2-nji tema: Täze döwrüň başlarynda Günbatar Ýewropa döwletlerinde industrial jemgyýetiň şekillenmegi.
3-nji tema: Ýewropada reformasiýa.
4-nji tema: Günbatar Ýewropada täze döwür medeniýetiniň şekillenmegi.
II ВАР. XVI—XVIII ASYRLARDA ÝEWROPA WE AMERIKA DÖWLETLERI.
5-nji tema: Angliýada Korol häkimiýetiniň güýçlenmegi. XVII asyrdaky Angliýa buržuaz ynkylaby.
6-njy tema: XVI—XVIII asyrlarda halkara gatnaşyklar.
7-nji tema: Fransiýada absolýut monarhiýa. Beýik fransuz buržuaz ynkylaby.
8-nji tema: Beýik fransuz buržuaz ynkylabynyň jemleri we taryhy ähmiýeti.
9-njy tema: XVI—XVIII asyrlarda Germaniýa imperiýasy.
10-njy tema: XVI—XVIII asyrlarda Russiýa imperiýasy.
11-nji tema: XVIII asyrda Demirgazyk Amerika. Amerikanyň birleşen ştatlarynyň döredilmegi.
12-nji tema: Magaryf asyry.
III ВАР. XVI-XVIII ASYRLARDA AZIÝA WE AFRIKA DÖWLETLERI.
13-nji tema: XVI—XVIII asyrlarda Aziýa döwletleriniň ösüşiniň esasy aýratynlyklary.
14-nji tema: XVI—XVIII asyrlarda Hytaý.
15-nji tema: XVI—XVIII asyrlarda Hindistan.
16-njy tema: XVI—XVIII asyrlarda Yaponiýa we Koreýa.
17-nji tema: XVI—XVIII asyrlarda Osmanlar imperiýasy.
18-nji tema: XVI—XVIII asyrlarda Eýran.
19-njy tema: XVI—XVIII asyrlarda Afrika ýurtlary.
IV ВАР. 1800—1870-NJI ÝYLLARDA ÝEWROPA WE AMERIKA DÖWLETLERI.
20-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Beýik Britaniýa.
21-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Fransiýa.
22-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Germaniýa we Italiýa.
23-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Russiýa.
24-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Amerikanyň birleşen ştatlary.
25-nji tema: Latyn Amerikasynyň halklarynyň milli-azatlyk göreşi.
V BAP. 1800—1870-NJI ÝYLLARDA AZIÝA WE AFRIKA DÖWLETLERI.
26-njy tema: 1800—1870-nji ýyllarda Hindistan.
27-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Hytaý.
28-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Ýaponiýa.
29-njy tema: 1800—1870-nji ýyllarda Koreýa.
30-njy tema: 1800—1870-nji ýyllarda Osmanlar imperiýasy.
31-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Eýran we Owganystan.
32-nji tema: 1800—1870-nji ýyllarda Afrikanyň halklary.
Netije.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Dünýä taryhy, 8 synp, Farmonow R., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 09:42:29