Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015

Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015.

Учебник по чувству родины для 6 класса на туркменском языке.

   Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 6-njy synplary üçin niýetlenen şu okuw gollanmasy Özbegistan Respublikasynyň Prezident Islam Karimowyň «Belent ruh – ýeňilmez güýç» hem-de «Özbegistan garaşsyzlyk gazanmagyň bosagasynda» kitaplary esasynda gaýtadan işlenen. Onda Watana bolan söýgi we watansöýüjilik esaslaryny şekillendirýän temalar okuwçylaryň özboluşly düşünjelerini we göz öňüne getirmelerini hasaba almak bilen, gyzykly mysallar, durmuşdan alnan deliller hem-de häzirki zaman metodik usullar arkaly açyp görkezilen.

Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015


ÖZBEGISTANYŇ MEKDEPLERI.
Ýurdumyzda 9700 sany döwrebap umumy orta bilim berýän mekdep bar. Olarda 4 million 521 müňden artyk çaga tälim alýar. Ilkinji gezek mekdep bosagasyna gadam basan 1-nji synp okuwçylary her ýylda döwletiň hasabyndan «Harplyk » kitabyny we başga derslikler, zerur okuw gurallary bilen mugt üpjün edilýär. Meselem, 2014-nji ýylda 587 müňe ýakyn 1-nji synp okuwçysy 28 milliarda ýakyn somluk derslik we okuw enjamlary bilen üpjün edildi. Mundan başgada, mekdep okuwçylary üçin 34 million 500 müň nusgadaky derslikler, okuw-metodik gollanmalary ýurdumyzdaky okadylýan 7 dilde neşir edilip, ähli umumy orta bilim berýän mekdeplere gowşuryldy.

Her ýylda täze okuw ýylyndan öň ýurdumyzdaky mekdepler abatlanyp, sentýabr aýynda okuwçylara ulanmaga berilýär. Prezidentimiz Islam Karimowyň başlangyjy bilen 1997-nji ýylda Kadrlary taýýarlamagyň milli maksatnamasy, 2004-nji ýylda bolsa Mekdep tälimini ösdürmegiň döwlet umummilli maksatnamasy kabul edilip, bökdençsiz durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 12 ýyllyk mejbury mugt tälim ulgamy iş alyp barýar. Soňky ýyllarda täze-täze mekdepler, akademik liseýler we kesp-hünär kolležleri, ýokary okuw edaralary bilen bilelikde dürli ýerlerde, şol sanda, uzak obalarda we tümenlerde 315 sany döwrebap sazçylyk we sungat mekdebi, 1500-den gowrak çagalar sporty obýektleri guruldy.

MAZMUNY.
Birinji bap. Watan azatlygy – ýokary bagt.
Iň beýik, iň eziz gün.
Garaşsyzlygymyz ebedi bolsun!.
Watanymyzyň paýtagty.
Özbegistanyň Milli bagy.
Beýik zyýaratgähler.
Taryhy hatyra.
Gadymy Registan.
Gaýtalamak.
Ikinji bap. Dünýä merdi ykrar edýär.
Maddy we ruhy durmuş.
Amaly sapak. Asyllylyk.
Otda ýanmaýan miras.
Amaly sapak. Özbegistan – beýik alymlar ýurdy.
Milli gymmatlyklarymyz.
Umumadamzat gymmatlyklary.
Biz – Özbegistanyň raýatydyrys.
Watanperwerlik.
Amaly sapak. Özbegistanyň janypkeş perzentleri.
Watany beýgeltmek.
Tälim bilen terbiýäniň sazlaşygy.
Gaýtalamak.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Watan duýgusy, 6 synp, Sultanov H., Karşibaýew M., 2015 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-04-18 03:46:05