Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016

Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016.

Учебник по информатике для 5 класса на туркменском языке.

   Ylym we tehnika, aýratynam, informasion tehnologiýalar çalt ösýän häzirki döwürde her bir adam özüniň durmuşynda möhüm bolan bilimlere we başarnyklara eýe bolmalydyr.
Özbaşdak durmuşa aýgytly gadam basmak, daş-töweregimizde bolup geçýän özgerişlere we täzeliklere laýyklykda ýaşamak üçin her bir okuwçy aşakdaky bilimlere we başarnyklara eýe bolmalydyr:
– täze bilimleri gözlemeli;
– ýumuşlary, meseleleri we gönükmeleri çözende ýaşytdaşlaryňyz bilen hyzmatdaşlykda işleşmeli;
– bilimleri eýelemekde, ýumuşlary, meseleleri we gönükmeleri çözende kompýuterden peýdalanmaly.
5-nji synpda siz ilkinji gezek «Informatika» ylmyny öwrenersiňiz. Informatika derslerinde siz täze düşünjeleri öwrenip, meseleleri we ýumuşlary ýerine ýetireniňizde kompýuterden peýdalanarsyňyz. Informatika ylmy size daş-töweregiňizde, göz öňüňizde bolup geçýän hadysalara gowurak düşünmekde, täze bilimleri eýelemekde iň ýakyn kömekçiňiz bolar diýip umyt edýäris.

Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016


Sanitariýa-gigiýena talaplary.
Ýatda saklaň, kompýuterde işleýän maha lyňyzda gerekli talaplara boýun egmezlik – adamyň saglygyna uly zyýan ýetirmegi mümkin. Aýratynam, göz, gan aýlanyş ulgamy, kelle beýnisiniň işi, oňurgalyk gowşaklaşýar we dürli keselleriň gelip çykmagyna sebäp bolýar.

Bularyň öňüni almak hem-de kompýuterde işlän mahalyňyzda saglygyňyza zyýan ýet mezligi üçin aşakdaky talaplara boýun egilmeli we olary ýatdan çykarmak bolmaýar:
1) kompýuter stolundan 20 sm uzaklykda oturyň;
2) gözüňiz kompýuteriň ekranyndan 50–60 sm uzaklykda bolsun, her 20–30 minutdan soň gözüňizi dynç aldyryň we kompýuterde işlemek gününe 180 minutdan geçmeli däl;
3) egin bilen tirsekleriň arasyndaky burç 90°–120° bolmaly;
4) kompýuteriň öňünde oturanyňyzda göwräňizi dik saklaň;
5) aýaklaryňyzyň penjeleri pola doly degip durmaly;
6) el aýaňyzy we barmaklaryňyzy erkin saklaň;
7) eliňizi bedeniňizden ýakyn aralykda saklaň.
8) dyzyňyz 90°-y emele getirmeli.

MAZMUNY.
Giriş.
1-nji ders. Howpsuzlyk tehnikasy düzgünleri we sanitariýa-gigiýena talaplary.
2-nji ders. Kompýuter. Kompýuteriň esasy gurluşlary we olaryň wezipeleri.
3-nji ders. Kompýuteri dolandyrýan maksatnamalar.
4-nji ders. Faýl ýa-da papka düşünjesi.
5-nji ders. Amaly sapak.
6-njy ders. Klawiatura bilen tanyşlyk.
7-nji ders. Klawiatura trenažýorynda türgenleşik.
8-nji ders. Klawiatura trenažýorynda maşklar.
9-njy ders. Kompýuterdäki kalkulýatordan peýdalanmak.
10-njy ders. Paint maksatnamasy hakynda.
11-nji ders. Paint enjamlar paneli we ondan peýdalanmak.
12-nji ders. Paintde amallary ýerine ýetirmek.
13-nji ders. Paintde suratlary gaýtadan işlemek.
14-nji ders. Paintde amallary ýerine ýetirmek.
15-nji ders. Kompýuter oýunlary barada.
16-njy ders. Kompýuter oýunlary.
17-nji ders. Barlag işi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Informatika, 5 synp, Kamolitdinowa D., 2016 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 08:35:39