Edepnama, 3 synp, Halikowa M., Ergaşewa Ş., 2019

Edepnama, 3 synp, Halikowa M., Ergaşewa Ş., 2019.

Учебник по этикету для 3 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçy! Eliňizdäki kitap Siziň «Edepnama» predmetinden 1–2-nji synplarda alan bilimleriňizi has-da giňeltmäge, berkitmäge hyzmat eder.
3-nji synpda Siz edepli çaga nähili sypatlara eýe bolmalydygyny, dürli ýagdaýlarda özüni nädip alyp barmalydygyny, maşgalasyna, Watanyna nähili peýda getirmelidigi barada örän köp zatlary bilersiňiz.
Bilim eýelemek üçin köp okamaly, öwrenmeli. Sizde munuň üçin wagt we mümkinçilikler ýeterli. Siz wagty biderek geçirmezden, mümkinçiliklerden önümli peýdalanarsyňyz diýip oýlaýarys.

Edepnama, 3 synp, Halikowa M., Ergaşewa Ş., 2019


BIBIHANYM METJIDI WE MEDRESESI.
Saraýmülkhanym Emir Temuryň söýgüli aýalydy. Ol akyl-paýhasda deňsiz bolany üçin köşkde Bibihanym – Uly hanym edip bellenipdir. Bibihanym döwlet işlerinde sahypgyrana ýakyndan kömek beripdir. Ol gurluşyk we abadançylyk işleri bilen hem meşgullanypdyr.

1399-njy ýylda Hindistandan ýeňiş bilen gaýdan Emir Temur medrese gurdurmakçy bolýar. Dünýäniň iň ökde inženerleri, tejribeli ussalary işläp başlaýar. Daglarda 500 adam daşlary ýonup, şähere iberip durýar. Arabalara goşulan öküzler, Hindistandan getirilen piller işe salynýar. Sahypgyran birnäçe aý gurluşyga özi gözegçi lik edip durýar, emma tizde ýene uzak möhletli sapara atlanýar. Gurluşyga ýolbaşçylygy Bibihanyma tabşyrýar.

MAZMUNY.
I bap. Watan — mukaddes.
Özbegistan Respublikasy – garaşsyz döwlet.
Döwlet simwollary – milli buýsanjymyz.
Taryhy ýadygärlikler – medeni baýlygymyz.
Amaly sapak.
Men ýaşaýan çäkdäki taryhy ýadygärlikler.
II bap. Edep-ahlak hazynasy.
Aň-bilim ýaýradyjylyk ata-babalarymyzdan miras
sypat.
Edep-ahlak normalary.
Edep-ahlak barada hadyslar.
Okama edebi.
Amaly sapak.
«Men söýýän kitap».
III bap. Zähmet adamy beýgeldýär.
Zähmet adam durmuşyny bezeýär.
Hünärli adamyň gadyry belent.
Kim bolmak isleýärin?.
Meniň boş wagtym.
Amaly sapak.
Gün tertibi.
IV bap. Daşky görnüş – adamyň görki.
Geýinmek edebi.
Arassaçylyk – adamyň görki.
V bap. Biz ýaşaýan älem.
Suw – ýaşaýşyň çeşmesi.
Men tebigaty nähili aýawlap bilerin?.
Amaly sapak.
Men ýaşaýan ýeriň tebigaty.
VI bap. Milli medeniýet.
Milli urp-adatlar we baýramlar.
Mähir-şepagat we adamkärçilik duýgusy.
Maşgala – terbiýe mesgeni.
Garrylary aýap saklalyň.
Mähelle we goňşuçylyk gatnaşyklary.
Jemleýji ders.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Edepnama, 3 synp, Halikowa M., Ergaşewa Ş., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 17:56:02